Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.
Ýurduň üstünden Babyl patyşasynyň bellän häkimi Ahykamyň ogly Gedalýany Netanýanyň ogly Ysmaýylyň öldürendigi üçin, olar babyllylardan gorkýardylar we olardan gaçmak üçin Müsüre tarap ýola düşdüler. Olar Beýtullahamyň golaýyndaky Gerut Kimhamda saklandylar.
«Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň, Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň: „Taýýar boluň, ornuňyzda duruň, gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“.
Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.