Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 43:2 - Mukaddes Kitap

2 Hoşaýanyň ogly Azarýa, Kareýanyň ogly Ýohanan we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Sen ýalan sözleýärsiň! Hudaýymyz Reb seni bize: „Mesgen tutmaga Müsüre gitmäň“ diýmek üçin ýollanok.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Хошаяның оглы Азаря, Кареяның оглы Ёханан ве текепбир адамлар Ермея шейле дийдилер: «Сен ялан сөзлейәрсиң! Худайымыз Реб сени бизе: „Месген тутмага Мүсүре гитмәң“ диймек үчин ёлланок.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 43:2
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.


Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.


Haçana çenli janym gaýgy etmeli, ýüregim-de uzakly gün gussa çekmeli? Haçana çenli duşmanym üstün çykarka?


siller bizi syryp-süplärdi, suw akymy bizi girdabyna dolardy,


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň.


Ähli tekepbir Rebbe ýigrenjidir. Hatyrjem bol, olar jezasyz galmaz.


tekepbir gözi, ýalançy dili, bigünä gan dökýän eli,


Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.


Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».


Taňry Ýakubyň nesline garşy söz iberdi, ol Ysraýylda berjaý boldy.


Eşidiň, gulak goýuň, tekepbirlik etmäň, çünki Reb gepleýär.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogullary Ýohanan hem Ýonatan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispadaky Gedalýanyň ýanyna geldiler.


Kareýanyň ogly Ýohanan ýanyndaky goşun serkerdeleri bilen aman galanlaryň hemmesini: esgerleri, aýallary, çagalary we köşk agtalaryny Gibgondan yzlaryna getirdi. Netanýanyň ogly Ysmaýyl Mispada Ahykamyň ogly Gedalýany öldüreninden soň, olary ýesir alypdy we Gibgona getiripdi.


Onsoň goşun serkerdeleri, Kareýanyň ogly Ýohanan, Hoşaýanyň ogly Ýezanýa we uludan-kiçä ähli halk golaýa gelip,


Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.


Olar Ýermeýa ýene şeýle diýdiler: «Eger Hudaýyň Rebbiň bize bildirmek üçin saňa aýan eden her bir sözüni ýerine ýetirmesek, goý, Rebbiň Özi bize garşy hakyky we wepaly şaýat bolsun.


Ýermeýa tutuş halka özleriniň Hudaýy Rebbiň sözlerini, olaryň Hudaýy Rebbiň öz üsti bilen iberen sözleriniň baryny doly ýetirende,


«Biz seniň Rebbiň adyndan aýdýan sözleriňe gulak asmarys.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ