Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 43:12 - Mukaddes Kitap

12 Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мен Мүсүр худайларының бутханаларыны ода якарын. Бабыл патышасы бутларың кәбирини яндырар, кәбирини-де яны билен әкидер. Бир чопан өз япынҗасыны бүрелерден нәхили тәмизлейән болса, Мүсүр юрдуны хем шейле тәмизләр. Соңра Бабыл патышасы ерден саг-аман чыкар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 43:12
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut bilen onuň adamlary piliştlileriň taşlap giden butlaryny aldylar.


Ine, Bähemosa seret, seni ýaradyşym kimin, ony-da Men ýaratdym, ol öküz kimin ot iýýär.


Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.


Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.


Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär;


hudaýlar egilýärler, dyza çökýärler, heýkellerini halas edip bilmän, özleri sürgün edilýärler.


Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret, olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler. Barlygymdan ant içýärin, olaryň bary seniň üçin bezeg bolar, gelin dek olary dakynarsyň. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla.


Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, gutulyş tuwulgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Kesekiler gelip, sürüleriňizi bakarlar, ýat halklar daýhanyňyz, bagbanyňyz bolar.


«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».


Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.


Başga-da Müsür patyşasy faraona, onuň emeldarlaryna, ýolbaşçylaryna, tutuş halkyna;


Ol Müsürdäki Gün hudaýynyň buthanasynyň dikme daşlaryny ýykar we Müsür hudaýlarynyň ähli buthanalaryny oda berer“».


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary


Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin, hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň. Ruhanylary hem emeldarlary bilen Kemoş sürgün ediler.


Damask diwaryny oda ýakaryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp ýok eder».


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar.


Oňa adam aýagy basmaz, haýwan toýnagy sekmez; ol ýerde kyrk ýyllap hiç kim ýaşamaz.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Müsür ýurduny Babyl patyşasy Nebukadnesara bererin; ol onuň baýlygyny äkider, oljasyny alar we ony talar; bu onuň goşuny üçin muzd bolar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn.


Olaryň hudaýlaryny, butlaryny, kümüşden we altyndan ýasalan gymmatbaha gap-gaçlaryny olja hökmünde Müsüre getirer. Onsoň ol birnäçe ýyllap demirgazyk patyşasynyň üstüne çozmaz.


Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.


Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.


Hakyky dogrulyk we mukaddeslik bilen Hudaýyň keşbinde ýaradylan täze ýaradylyşa besleniň.


Iblisiň hilelerine garşy durup bileriňiz ýaly, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynyň.


Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.


Bularyň hemmesiniň üstesine-de kämil birligi baglanyşdyrýan söýgä besleniň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ