Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 42:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýagşy bolsa-da, ýaman bolsa-da, seni ýanyna iberýän Hudaýymyz Rebbe gulak asarys. Işimiz oňuna bolar ýaly, biz Hudaýymyz Rebbe gulak asarys».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ягшы болса-да, яман болса-да, сени янына иберйән Худайымыз Реббе гулак асарыс. Ишимиз оңуна болар ялы, биз Худайымыз Реббе гулак асарыс».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 42:6
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.


Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler.


Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler.


Kedr agajyny başgalardan köp ulananyň bilen näme, patyşa bolaýarmyň? Ataň hem doýýança bol iýip-içýärdi, ýöne ol adalatlydy hem dogruçyldy. Şonuň üçinem onuň işleri ugruna boldy.


Şeýdip, Kareýanyň ogly Ýohanan, goşun serkerdeleriniň hemmesi we tutuş halk Ýahuda ýurdunda ýaşamak babatda Rebbe gulak asmadylar.


Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’.


Onda näme, oňat zat meniň ölmegime sebäp bolaýdymy? Elbetde, ýok! Meni oňat buýruklar arkaly günä öldürdi. Günäniň hakyky tebigaty hut şeýle aýan bolmalydy. Şeýdip, günäniň näderejede erbetdigi äşgär boldy.


Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim.


Ynsan höweslerinden döreýän pikirler Hudaýa duşmandyr. Sebäbi olar Hudaýyň Kanunyna tabyn däldir, aslynda tabyn bolmagy başarýan hem däldir.


Seniň özüň golaý bar-da, Hudaýymyz Rebbiň aýtjak zatlarynyň hemmesini diňle. Soňra Hudaýymyz Rebbiň aýdanlarynyň hemmesini bize ýetir. Biz saňa gulak asarys we berjaý ederis“.


Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!


Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi.


Halk oňa: «Hawa, biz Hudaýymyz Rebbe gulluk ederis we Onuň sözüne boýun egeris!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ