Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 42:14 - Mukaddes Kitap

14 „Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 „Ёк, биз Мүсүр юрдуна гитҗек, ол ерде уруш гарасыны гөрмерис, сурнай сесини эшитмерис, чөрексиз ачлык чекмерис, биз ол ерде яшарыс“ дийсеңиз,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 42:14
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».


Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?»


Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz. Şonuň üçin gaçarsyňyz! Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz. Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.


Faraonyň penasynda penalamak üçin, Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin, Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler.


Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Haçana çenli men söweş tuguny görüp, surnaý sesini eşitmelikäm?


Ýurduň üstünden Babyl patyşasynyň bellän häkimi Ahykamyň ogly Gedalýany Netanýanyň ogly Ysmaýylyň öldürendigi üçin, olar babyllylardan gorkýardylar we olardan gaçmak üçin Müsüre tarap ýola düşdüler. Olar Beýtullahamyň golaýyndaky Gerut Kimhamda saklandylar.


Olar Rebbe gulak asman, Müsür ýurduna gitdiler we Tahpanhese geldiler.


Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?»


Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler.


Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?


Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi.


Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ