Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 41:2 - Mukaddes Kitap

2 Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky on adam turup, Babyl patyşasynyň ýurduň üstünden bellän häkimi Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Нетаняның оглы Ысмайыл билен онуң янындакы он адам туруп, Бабыл патышасының юрдуң үстүнден беллән хәкими Шапаның агтыгы, Ахыкамың оглы Гедаляны гылыч билен өлдүрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 41:2
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Emma ýedinji aýda patyşa neslinden bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Gedalýanyň ýanyna geldi we olar ony öldürdiler. Şeýle hem olar Mispada, Gedalýanyň ýanynda bolan ýahudalary we babyllylary-da öldürdiler.


Taňry seniň tarapdaryňdyr: Ol gazaba münen gününde şalary kül-peýekun eder.


Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,


oňa: «Ammonlaryň patyşasy Bagalysyň seni öldürtmek üçin, Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendigini bilýärsiňmi?» diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady.


Emma Ahykamyň ogly Gedalýa Kareýanyň ogly Ýohanana: «Sen Ysmaýyl hakda ýalan sözleýärsiň. Bu işi etme!» diýdi.


Ýermeýa entek jogap gaýtarmanka, ol ýene sözüni dowam etdi: «Babyl patyşasy tarapyndan Ýahuda şäherlerine häkim goýlan Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna git-de, onuň bilen bile halkyň arasynda ýaşaber ýa-da nirä gitmegi dogry hasaplasaň, şoňa-da git». Şeýlelikde, janpenalaryň baştutany oňa azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldy.


Söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri bilen olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigi we Babyla sürgün edilmedik garyp erkekleri, aýallary, çagalary oňa tabşyrandygy barada eşitdiler.


Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogullary Ýohanan hem Ýonatan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispadaky Gedalýanyň ýanyna geldiler.


Ysmaýyl Mispada Gedalýa bilen bile bolan ähli ýahudalary-da, ol ýerdäki babyl esgerlerini-de öldürdi.


Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ