Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 40:8 - Mukaddes Kitap

8 Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogullary Ýohanan hem Ýonatan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispadaky Gedalýanyň ýanyna geldiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Нетаняның оглы Ысмайыл, Кареяның огуллары Ёханан хем Ёнатан, нетопалы Танхуметиң оглы Серая ве магакатлының оглы Язаня дагы өз гошунлары билен Миспадакы Гедаляның янына гелдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 40:8
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.


Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular. Emma Soba bilen Rehop galalaryndan gelen siriýalylar we Topuň hem Magakanyň adamlary açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.


magakaly Ahasbaýyň ogly Elipelet, giloly Ahytopeliň ogly Eligam,


Indi bütin goşunbaşylar we olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Gedalýany häkim edip belländigi barada eşidenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogly Ýohanan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we bir magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispa, Gedalýanyň ýanyna geldiler.


Emma ýedinji aýda patyşa neslinden bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Gedalýanyň ýanyna geldi we olar ony öldürdiler. Şeýle hem olar Mispada, Gedalýanyň ýanynda bolan ýahudalary we babyllylary-da öldürdiler.


Kalebiň gyrnak aýaly Magakadan Şeber hem-de Tirhana doguldy.


Beýtullahamy esaslandyran Salma netopalylaryň, Atrot Beýtýowabyň hem manahatlaryň ýarysy Sorga halkynyň atasydy.


Olar Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa; Seraýa, Regelaýa, Mordekaý, Bilşan, Mispar, Bigwaý, Rehum we Bagana dagynyň ýolbaşçylygynda geldiler. Ýesirlikden gaýdyp gelen Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sanawy şulardyr:


Beýtullahamyň we Netopanyň ýaşaýjylary: bir ýüz segsen sekiz adam;


Ýermeýa gaharlary gelen ýolbaşçylar, ony ýenjip, tussaghana taşladylar. Bu zyndan öň Ýonatan kätibiň öýüdi.


Indi maňa gulak goý, eý, jenabym patyşa! Bu haýyşymy berjaý etmegiňi towakga edýärin, meni gaýdyp Ýonatan kätibiň öýüne iberme, ol ýerde ölmäýin».


olara: „Meni yzyma Ýonatanyň öýüne iberme, ýogsam men ol ýerde ölerin diýip patyşa ýalbardym“ diýip aýt».


Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.


Kareýanyň ogly Ýohanan bilen söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri Mispadaky Gedalýanyň ýanyna gelip,


oňa: «Ammonlaryň patyşasy Bagalysyň seni öldürtmek üçin, Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendigini bilýärsiňmi?» diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady.


Onsoň Kareýanyň ogly Ýohanan Mispada Gedalýa bilen gizlinlikde gepleşip: «Gel, men gidip, Netanýanyň ogly Ysmaýyly öldüreýin, muny hiç kim bilmez. Bolmasa, ol seni öldürer we ýanyňa ýygnanan ähli ýahudalar dargar. Ýahudada aman galanlar hem heläk bolsunmy?» diýdi.


Onsoň Ýermeýa Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi. Mispa baryp, onuň bilen birlikde ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.


Ýedinji aýda patyşa neslinden we patyşanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna geldi. Ol ýerde bile iýip-içip otyrkalar,


Emma Kareýanyň ogly Ýohanan we onuň ýanyndaky ähli goşun serkerdeleri Netanýanyň ogly Ysmaýylyň eden pis işlerini eşidenlerinde,


Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky on adam turup, Babyl patyşasynyň ýurduň üstünden bellän häkimi Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdi.


Onsoň goşun serkerdeleri, Kareýanyň ogly Ýohanan, Hoşaýanyň ogly Ýezanýa we uludan-kiçä ähli halk golaýa gelip,


Onsoň ol Kareýanyň ogly Ýohanany, onuň bilen birlikde goşun serkerdelerini we uludan-kiçä tutuş halky çagyrdy.


Hoşaýanyň ogly Azarýa, Kareýanyň ogly Ýohanan we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Sen ýalan sözleýärsiň! Hudaýymyz Reb seni bize: „Mesgen tutmaga Müsüre gitmäň“ diýmek üçin ýollanok.


Kareýanyň ogly Ýohanan we goşun serkerdeleri öň ähli milletlere dargadylyp, indi Ýahuda ýurduna dolanyp gelen halkyň aman galanlarynyň baryny alyp gitdiler.


Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.)


Onuň hanlygyna Hermon dagy, Salka, bütin Başandan Geşuryň we Magakadyň araçäklerine çenli, Gilgadyň ýarysy, heşbon hany Sihonyň meýdanynyň araçägine çenli ýerler girýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ