Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 40:7 - Mukaddes Kitap

7 Söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri bilen olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigi we Babyla sürgün edilmedik garyp erkekleri, aýallary, çagalary oňa tabşyrandygy barada eşitdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Сөвеш мейданындакы әхли гошун серкерделери билен оларың адамлары Бабыл патышасының Ахыкамың оглы Гедаляны хәким эдип белләндиги ве Бабыла сүргүн эдилмедик гарып эркеклери, аяллары, чагалары оңа табшырандыгы барада эшитдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 40:7
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma janpenalaryň baştutany ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.


Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler.


Emma janpenalaryň baştutany şol wagt ýurtdaky hiç bir emlägi bolmadyk garyp-gasarlara üzüm baglary bilen ekin meýdanlaryny berdi.


adam ýollap, Ýermeýany garawulhanadan getirtdiler. Olar Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa ony öýüne äkitmegi tabşyrdylar. Şeýdip, Ýermeýa öz halkynyň arasynda galdy.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa we onuň ähli esgerleri diýerler görenlerinde, gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler.


Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlarynyň, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklar bilen beýleki galan ilatyň baryny ýesir edip äkitdi.


Ýedinji aýda patyşa neslinden we patyşanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna geldi. Ol ýerde bile iýip-içip otyrkalar,


Onsoň Ysmaýyl janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Mispada Ahykamyň ogly Gedalýa beren halkynyň ählisini, patyşanyň gyzlaryny, umuman, ol ýerde aman galan halkyň hemmesini ýesir aldy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary ýesir alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi.


Emma Kareýanyň ogly Ýohanan we onuň ýanyndaky ähli goşun serkerdeleri Netanýanyň ogly Ysmaýylyň eden pis işlerini eşidenlerinde,


Olaryň arasynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Şapanyň agtygy Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanynda galdyran erkekleri, aýallary, çagalary, patyşanyň gyzlary – ähli adamlary, Ýermeýa pygamber we Neriýanyň ogly Baruk dagy hem bardy.


Emma janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.


Ýurduň ähli halky bu sadakalary Ysraýyldaky hökümdara bermelidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ