Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 40:11 - Mukaddes Kitap

11 Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мовапда, аммонларың арасында, Эдомда ве башга юртларда яшаян әхли яхудалар-да Бабыл патышасының Яхуда юрдунда бир топары аман галдырандыгыны, оларың үстлеринден Шапаның агтыгы, Ахыкамың оглы Гедаляны хәким белләндигини эшитдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 40:11
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.


Mowapdan kowlanlar mesgen tutsun araňyzda; weýran edýänlerden olara pena boluň». Sütemkär ýok bolup, weýrançylyk soňlanar, talaňçylar ýitirim bolarlar.


Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.


Onsoň Ysmaýyl janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Mispada Ahykamyň ogly Gedalýa beren halkynyň ählisini, patyşanyň gyzlaryny, umuman, ol ýerde aman galan halkyň hemmesini ýesir aldy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary ýesir alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi.


Kareýanyň ogly Ýohanan we goşun serkerdeleri öň ähli milletlere dargadylyp, indi Ýahuda ýurduna dolanyp gelen halkyň aman galanlarynyň baryny alyp gitdiler.


Olaryň arasynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Şapanyň agtygy Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanynda galdyran erkekleri, aýallary, çagalary, patyşanyň gyzlary – ähli adamlary, Ýermeýa pygamber we Neriýanyň ogly Baruk dagy hem bardy.


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Edom öç almak bilen ýahuda halkynyň garşysyna hereket etdi, olardan öç alyp, agyr günä batdy.


«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi ammonlara tarap öwür-de, olaryň garşysyna pygamberlik et.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Mowap bilen Segir: „Ýahuda halky hem beýleki milletler ýalydyr“ diýdiler.


Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“».


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň.


Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.


Sen saç-sakgaldan birazajyk alyp, donuňyň etegine daň.


Ysraýyllar ýola düşüp, Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler.


Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.


Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler.


Ammonlaryň şasy Nahaş aýaga galyp, Gilgatdaky Ýabeş galasyny gabawa saldy. Ýabeşiň halky Nahaşa: «Biziň bilen ylalaşyk baglaş, biz saňa gul bolaly» diýdiler.


Ammonlaryň şasy Nahaşyň üstüňize sürnüp gelýändigini göreniňizde bolsa, öz Hudaýyňyz Rebbiň şalygyndan boýun gaçyryp, menden özüňize patyşa talap etdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ