Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.
Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.
Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady-perýat ediň! Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin.
Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa.
Eý, ynsan ogly! Perýat et, bagyr! Çünki bu gylyç Meniň halkymyň, ähli Ysraýyl ýolbaşçylarynyň üstünden inýär. Ysraýyl ýolbaşçylary Meniň halkym bilen birlikde gylyçdan geçiriler; munuň üçin döşüňi ýumrukla.
Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».