Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Эй, яхуда халкы ве Иерусалим илаты, Мен-Реб үчин йүрегиңизи сүннетләп, өзүңизи Маңа бүтинлей багыш эдиң. Ёгсам пис ишлериңиз себәпли Мен газабымы от кимин ловладарын, оны хич ким сөндүрип билмез».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 4:4
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin, Meniň bulara garşy gaharym tutaşar, ol hiç haçan sönmez“.


Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň.


Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, gazabym size garşy ot bolup tutaşyp, ebedilik ýanar».


„Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär: ‘Ertirine adalaty berjaý ediň, talanany zalymyň elinden halas ediň. Ýogsam pis işleriňiz zerarly gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn, ony hiç kim söndürip bilmez.


Güýç-gudratym bilen, güýçli gaharym bilen gazap atyna atlanyp, Meniň Özüm siziň garşyňyza urşaryn.


Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup, gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner.


Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr».


Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy.


Şeýle günler geler, teni sünnetli bolup-da, ýüregi sünnetsiz adamlary jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


Reb gahar-gazabyny pürkdi, lowlaýan gaharyny saçdy. Siona garşy tutaşdyran ody onuň düýplerini-de ýandyrdy.


Men saňa zyna eden we gan döken aýallara degişli hökümler çykararyn. Öçli gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen seniň ganyňy akdyraryn.


Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz?


Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men güýç-gudratym we gahar-gazabym bilen üstüňizden höküm sürerin.


Men-de maňlaýyma uraryn, gahar-gazabym ýatyşar, muny Men-Reb diýdim».


Haýasyzlygyň seni haram etdi. Men seni tämizlejek boldum, emma sen tämizlenmek islemediň. Saňa garşy tutaşan gazabym ýatyşýança, sen haramlygyňdan tämizlenmersiň.


Men hem gazabymy tutaşdyryp, öç alar ýaly onuň ganyny ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdüm, onuň üsti örtülmez».


Uzakdakylar mergiden ölerler; ýakyndakylar gylyçdan heläk bolarlar we galyp-gaçyp aman galanlar bolsa açlykdan ölerler. Men olara bolan gazabymy şeýle tamamlaryn.


Munuň üçin Men-de gahar-gazap bilen hereket ederin, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Gaty ses bilen gulagyma gygyrsalar-da, olary diňlemerin».


Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz, ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar, Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.


Saman külkesi dek sowrulmazyňdan öň, Rebbiň gahar-gazaby üstüňize inmezden öň, Rebbiň gazaply güni gelmezden öň toplan!


Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir.


Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


Siz Onuň bilen birleşmek arkaly sünnet hem edildiňiz. Bu beden sünneti däl-de, Mesih arkaly edilen sünnet bolup, günäli tebigatyňyzyň kesilip taşlanmagydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ