Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 4:31 - Mukaddes Kitap

31 Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Мен бургусы тутян аялың сесини, илкинҗи чагасыны догуряның иңңилдисини, эллерини узадып: «Вай халыма! Ганхорларың өңүнде җаным тапдан дүшйәр-ле!» дийип, соҗаян Сион гызының агысыны эшитдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 4:31
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna gelip, oňa: «Men Ysawyň het aýallaryndan halys irdim. Eger Ýakup şu het gyzlaryndan birine öýlenäýse, onda men nädip ýaşaryn?!» diýdi.


«Durmuşymy ýigrenýärin, erkinlik bilen arz ederin, ajy hasratdan geplärin.


Reb seniň Arkadagyňdyr, Reb sagyňdaky kölegäňiňdir.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Dogurmak pursady ýakynlaşanda, burgudan ejir çekip, gygyrýan aýal nähili bolsa, biz-de, ýa Reb, Seniň öňüňde şeýle bolduk.


Men uzak wagtlap dymdym, ümsüm bolup, Özümi sakladym; indi dogurýan aýal dek çygyraryn, sojap dem alaryn.


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Çekýän hasratymdan ýaňa dat günüme! Ýaram agyr, emma men: «Dogrudanam, bu meniň derdim, muny çekmegim gerek» diýdim.


Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


Neçün meniň agyrym dyngysyz? Neçün ýaralaryma şypa ýok? Neçün olary bejerip bolmaýar? Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak, aldawçy bir çeşme boljakmy?»


Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.


Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!


Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?


«Eý, Baruk! Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle diýýär:


Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.


Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».


Damask mejalsyz galdy, gaçjak bolup öwrülende, ony gorky gaplady. Çaga dogurýan aýal kimin ony sanjy we agyry tutdy.


Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende, elleriniň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýär dert-azarlary.


Sion gyzy – owadan hem näzik gyzy heläk ederin.


Sion elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi.


Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär.


Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.


Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.


Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni.


Indi näme üçin möňňürip aglaýaň? Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň? Patyşaň ýoklugy üçinmi? Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


«Eý, Sion gyzy! Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär. Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».


Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ