Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär».
Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.
Deňziň balyklary, gögüň guşlary, ýyrtyjy haýwanlar, ýerdäki süýrenijiler we ýer ýüzündäki ähli ynsanlar Meniň huzurymda titreşerler, daglar ýumrular, uçutlar ýykylar, ähli diwarlar ýer bilen ýegsan bolar.