Reb Ylýasa: «Daşary çyk-da, dagda Meniň huzurymda dur, çünki Men-Reb şol ýerden geçerin» diýdi. Rebbiň öňünde daglary, daşlary ýarýan şeýle bir güýçli ýel turdy, ýöne Reb ýeliň içinde geplemedi. Ýelden soň ýertitreme boldy, ýöne Reb ýertitremede hem geplemedi.
Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.
Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär, bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär. Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary, şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.
Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.
Deňziň balyklary, gögüň guşlary, ýyrtyjy haýwanlar, ýerdäki süýrenijiler we ýer ýüzündäki ähli ynsanlar Meniň huzurymda titreşerler, daglar ýumrular, uçutlar ýykylar, ähli diwarlar ýer bilen ýegsan bolar.