Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 4:19 - Mukaddes Kitap

19 Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Вах җаным, вах җаным! Агырыма чыдамок! Вах, калбымың айнасы! Йүрегим хасрат чекйәр, үмсүм болуп билемок, чүнки сен, эй, җаным, эшитдиң сурнай сесин, сөвеш награсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 4:19
48 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

gatnaşmaýyn men olaryň geňeşine asla, goşulmaýyn men olaryň toparyna, çünki gaharlaryna adamlary gyrdylar olar, keýpihonlykda öküzleri maýyp-müjrüp etdiler olar.


Ol kakasyna: «Waý, kelläm, kelläm!» diýip gygyransoň, kakasy hyzmatkärine: «Ony ejesiniň ýanyna äkit» diýdi.


Elýaşa Hazaýyla gözüni aýyrmazdan seretdi welin, Hazaýyl utanyp gyzardy. Onsoň Hudaýyň adamy aglady.


Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym! Sen nähili beýik, ýa Beýik Hudaýym! Şöhrata, şöwkete beslenýänsiň Sen!


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Hudaýymyzy nagma bilen öwmek ýagşydyr, lezzetlidir, Ol öwgülere laýykdyr.


Ýa Reb, Sen meni akla! goý, haklygy görsün Seniň gözleriň.


Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.


Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Ýüregim bikarardyr, saňňyldaýan gorkudan ýaňa; küýsän alagaraňkylygym wehime salgar.


Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Pygamberler hakynda: Ýüregim içimde syndy, ähli süňklerim sandyraýar. Reb sebäpli, Onuň mukaddes sözleri sebäpli men serhoş adam kimin, şerabyň ýesiri kimin boldum.


Haçana çenli men söweş tuguny görüp, surnaý sesini eşitmelikäm?


Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“.


„Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz,


Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.


Ýurtda uruş galmagaly, uly weýrançylyk bar!


«Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary.


Derdime şypa ýokdur, ýüregim ýaralydyr meniň.


Biçäre halkymyň ýarasyndan ötri men-de ýaraly, ýas tutýaryn, üstüme howp abandy.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.


Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy».


Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär.


Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.


eý, patyşa, bu agaç sensiň! Sen ulalyp güýçlendiň. Beýikligiň gitdigiçe ösüp, göge ýetdi, hökümdarlygyň dünýäniň çar künjegine ýaýrady.


Gören görnüşlerim men Danyýeli böwrüme pyçak sanjylan ýaly howsala saldy.


Ine, şu ýerde gürrüň gutarýar. Pikirlerim men Danyýeli howsala saldy, ýüzümde reňk-pet galmady, emma men bu sözleri ýüregimde sakladym.


Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.


Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder.


Eý, doganlar, ysraýyl halkynyň halas bolmagy meniň köňül küýsegimdir. Men bu hakda elmydama Hudaýa doga-dileg edýärin.


Ýene-de bir mysal: eger surnaýyň çagyryş sesi aýdyň bolmasa, urşa taýynlanjak barmy?


Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.


Kişonyň akymy – bu gadymy derýa olary gark etdi. Eý, janym! Güýjüňi jemläp, öňe git!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ