Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Йүрегиңи тәмизләп пәкле писликден, эй, Иерусалим, халас боларсың шонда. Эрбет ниетлериңи ене нәче вагт саклаҗак ичиңде?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 4:14
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»


«Ýahudanyň günäsi demir galam bilen ýazyldy. Bu olaryň ýürekleriniň gatyna, gurbanlyk sypalarynyň şahlaryna çakmak daşy bilen oýulyp ýazyldy.


Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“.


Ýuwsaň-da aşgar bilen özüňi, sürtseň-de köp sabyny, durandyr huzurymda ýazygyňyň tagmasy. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Diňle, eý, ýer ýüzi. Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin. Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar, sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar, taglymatymy bolsa ret etdiler.


Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz?


Biri-biriňize garşy pislik etmäň, ýalan ýere ant içmekden gorkuň; bularyň bary Meniň ýigrenýän zatlarymdyr. Muny Reb aýdýandyr».


Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr.


Emma Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden hem pislikden doludyr.


Simun Petrus Oňa: «Agam, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, başymy-da ýuw» diýdi.


Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar.


Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.


«Reb danalaryň pikirleriniň panydygyny bilýär».


Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ