Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 4:13 - Mukaddes Kitap

13 Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Ине, душман булут кимин гелйәр, сөвеш арабалары харасат киминдир. Онуң атлары бүргүтден йылдамдыр. Дат гүнүмизе, биз вейран болдук!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 4:13
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Söýgülidi, ezizdi Şawul bilen Ýonatan. Dirilikde, ölümde olar jyda düşmedi. Çalasyndylar bürgütden, güýçlüdiler arslandan.


Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.


Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.


Iýerusalimiň büdreýändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.


Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe.


Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.


Çekýän hasratymdan ýaňa dat günüme! Ýaram agyr, emma men: «Dogrudanam, bu meniň derdim, muny çekmegim gerek» diýdim.


Menden gelen bu epgek bulardan has güýçli bolar. Olara garşy höküm eden Men-Rebdirin.


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa şeýle diýýär: „Öz barlygymdan ant içýärin: biri geler – ol daglar içinde beýik Tabor dagy kimindir, deňiz ýakasyndaky Karmel dagy deýdir.


Reb şeýle diýýär: „Serediň! Duşman bürgüt kimin uçup, ganatlaryny Mowaba tarap ýaýýar.


Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular».


Ine, Siondan perýat eşidilýär: «Bizi, gör, nähili weýran etdiler! Gaty utanja galdyk, çünki ýurdumyzy terk etdik, öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».


Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyldamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar.


Atlarynyň köplüginden ýaňa seni tozan gapar; diwarlary ýumrulan bir gala girilişi ýaly, seniň derwezeleriňden girende atlylaryň, tigirleriň we söweş arabalarynyň sesinden ýaňa diwarlaryň sarsar.


Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler“».


Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.


Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi we onda bürgüdiň ganatlary bardy. Men seredip durkam, onuň ganatlary goparylyp, ýerden galdy-da, ynsan ýaly iki aýagynyň üstünde durdy. Oňa ynsan ýüregi berildi.


«Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.


Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».


Reb giň göwünli we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr, bulutlar Onuň aýak tozudyr.


Atlary barsdan ýüwrük, özlerem gijeki aç gurtdan guduz. Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär, aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.


Men ýene-de seredip durkam, iki dagyň arasyndan çykyp gelýän dört söweş arabasyny gördüm. Ol daglar bürünçdendi.


Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ