Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 4:11 - Mukaddes Kitap

11 Şol wagt bu halka we Iýerusalime şeýle diýler: «Sähradaky ýalaňaç gaýalardan eziz halkymyň üstüne gyzgyn epgek öwser, bu harman sowurmak ýa-da arassalamak üçin däldir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шол вагт бу халка ве Иерусалиме шейле дийлер: «Сәхрадакы ялаңач гаялардан эзиз халкымың үстүне гызгын эпгек өвсер, бу харман совурмак я-да арассаламак үчин дәлдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 4:11
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.


Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.


Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.


Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.


Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan saman külkesi kimin dargadaryn.


Sen olara şu sözi ýetir: „Goý, gözlerimiň ýaşy gije-gündiz kepemesin, çünki boý gyzym – eziz halkym agyr ýaralandy, güýçli zarba sezewar boldy.


Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup, gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner.


Menden gelen bu epgek bulardan has güýçli bolar. Olara garşy höküm eden Men-Rebdirin.


Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary eredip, synagdan geçirerin. Biçäre halkymy başga näme edip bilerin?


Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.


Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa gözýaşlarym sil bolup akýar.


Ýuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi. Eziz halkymyň heläkçilik gününde çagalary olara iýmit boldy.


Hatda şagallar-da emjek berip, öz balalaryny emdirýändir, emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin çagalaryna rehimsiz boldy.


Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr.


Ol ekilse-de, boý alyp ösermi? Gündogar şemaly uranda bütinleý guramazmy? Öz gögeren keşlerinde solmazmy?»


Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.


Ýel olary ganatyna orap alar. Olar gurbanlyklary sebäpli masgara bolarlar».


Olar ýel kimin geçip gidýärler. Bu günäli adamlaryň hudaýy – öz güýçleri».


Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän rehimsiz we zalym babyl milletini size garşy öjükdirerin.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ