Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 4:10 - Mukaddes Kitap

10 Onsoň men şeýle diýdim: «Wah, Hökmürowan Reb! Bu halky we Iýerusalimi bütinleý aldap, siziň üçin sag-salamatlyk boljak diýdiň. Emma gylyç bogazymyza goýuldy!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Онсоң мен шейле дийдим: «Вах, Хөкмүрован Реб! Бу халкы ве Иерусалими бүтинлей алдап, сизиң үчин саг-саламатлык болҗак дийдиң. Эмма гылыч богазымыза гоюлды!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 4:10
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň?


Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.


Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň.


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.


Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.


Olar Meni ýigrenýänlere hemişe ‘Reb size parahatlyk bolar diýdi’ diýýärler. Kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerýänlere ‘Başyňyza betbagtlyk gelmez’ diýýärler.


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


Bulary seniň başyňa getiren öz ýollaryň we işleriňdir. Bu seniň jezaň! Nähili ajy! Bu seniň ýüregiňiň törüne ýetdi».


«Olar Rebbiň aýdanyny ret edip, şeýle diýdiler: „Ol hiç zat etmez. Bela-beter başymyzdan inmez, biz uruş ýa-da açlyk görmeris.


Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.


Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.


Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.


Onsoň şeýle boldy: men pygamberlik edip ýörkäm, Benaýanyň ogly Pelatýa öldi. Men ýüzin ýykyldym, gaty ses bilen: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Sen Ysraýylyň aman galan adamlarynyň hem soňuna çykaýjakmy?» diýip perýat etdim.


Şonuň üçin Hudaý olary ýürekleriniň günäli höwesleriniň eden-etdiligine tabşyrdy. Şu sebäpden olar biri-biriniň bedenlerini haýasyz işleri bilen wejera etdiler.


Hawa, olar hakykaty ret edensoňlar, Hudaý olary özleriniň wejera höweslerine tabşyrdy. Hatda aýallar hem tebigy jyns gatnaşygyny ret etdiler. Olar tebigy bolmadyk jyns gatnaşyklara ýüz urup, biri-birleri bilen ýatyp turýarlar.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ