Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 39:9 - Mukaddes Kitap

9 Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlarynyň, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklar bilen beýleki galan ilatyň baryny ýesir edip äkitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Җанпеналарың баштутаны Небузарадон халкың шәхерде аман галанларының, Бабыл патышасының тарапына гечен гачгаклар билен бейлеки галан илатың барыны есир эдип әкитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 39:9
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.


Seniň öz bagryňdan önen nesilleriň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“».


Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we beýleki galan ilaty ýesir edip äkitdi.


Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasyna, Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi.


Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler, at-abraýly adamlary açlykdan öler, köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ine, bu gezek Men bu ýurduň ilatyny uzaklara taşlaryn. Görsünler diýip, üstlerine bela indererin».


Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.


Reb şeýle diýýär: „Emma Ýahuda patyşasy Sidkiýany, onuň ýolbaşçylaryny, bu ýurtda Iýerusalimiň aman galanlary bilen Müsürde ýaşaýanlary edil ýaramsyz çüýrük injir ýaly ederin.


Sidkiýa patyşa Ýermeýa: «Men babyllylaryň tarapyna geçen ýahudalaryň eline berlerin, olar maňa azar bererler diýip gorkýaryn» diýdi.


Babyla sürgün edilen ähli Iýerusalim we Ýahuda ýesirleri bilen birlikde Ýermeýa hem zynjyr bilen baglanyp, Rama äkidildi. Ol ýerde janpenalaryň baştutany Nebuzaradon Ýermeýany tanap, ony boşatdy. Soňra Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


Söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri bilen olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigi we Babyla sürgün edilmedik garyp erkekleri, aýallary, çagalary oňa tabşyrandygy barada eşitdiler.


Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Ribla galasyndaky Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi.


Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.


Patyşanyň janpenalarynyň başlygy Arýok Babylyň akyldarlaryny öldürmäge çykanda, Danyýel oňa akylly-başly hem parasatlylyk bilen sala saldy.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ