Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 39:16 - Mukaddes Kitap

16 «Git-de, efiopiýaly Ebetmelege Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu şähere garşy aýdan sözlerimi ýagşylyk bilen däl-de, ýamanlyk üsti bilen amala aşyraryn. Bular şol gün seniň gözleriňiň alnynda amala aşar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 «Гит-де, эфиопиялы Эбетмелеге Ысрайыл Худайы Хөкмүрован Реб шейле диййәр дий: „Мен бу шәхере гаршы айдан сөзлерими ягшылык билен дәл-де, яманлык үсти билен амала ашырарын. Булар шол гүн сениң гөзлериңиң алнында амала ашар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 39:16
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.


Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».


«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.


Rebbiň adyndan pygamberlik eden ýene bir adam bardy, ol kirýatýegarymly Şemagýanyň ogly Uryýady. Ol hem edil Ýermeýa ýaly sözläp, bu şäher bilen ýurduň garşysyna pygamberlik etdi.


Men buýruk berip, babyllylary bu şähere gaýtaryp getirerin. Olar şähere garşy hüjüm edip, ony basyp alarlar we oda ýakarlar. Men Ýahuda şäherlerini ilatsyz harabaçylyga öwrerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».


Etmişleri üçin onuň özüni, neslini we hyzmatkärlerini jezalandyraryn. Olar hakda aýdan ähli bela-beterlerimi olaryň özleriniň, Iýerusalim ilaty bilen ýahuda halkynyň başyndan indererin, sebäbi olar Maňa gulak asmadylar“».


Ine, ony inderip, aýdyşy ýaly hem etdi. Bu zatlaryň bary Rebbe garşy günä edendigiňiz we Oňa gulak asmandygyňyz üçin siziň başyňyzdan indi.


Men olary ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin aňtaýaryn. Müsür ýurdundaky ýahudalylaryň hemmesi doly gyrlyp ýok bolýança, gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar.


Munuň üçin Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Şeýle sözleri aýdandyklary üçin, sözlerimi agzyňda alawa öwrerin. Bu halky bolsa odun ederin, ot olary ýandyryp ýok eder».


Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi.


Duşmanlarynyň öňüne düşüp, ýesirlige gitseler-de, ol ýerde gylyja buýruk bererin; ol-da olary öldürer. Men olardan nazarymy aýyrmaryn, emma ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin şeýderin».


Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ