Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 39:14 - Mukaddes Kitap

14 adam ýollap, Ýermeýany garawulhanadan getirtdiler. Olar Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa ony öýüne äkitmegi tabşyrdylar. Şeýdip, Ýermeýa öz halkynyň arasynda galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 адам ёллап, Ермеяны гаравулханадан гетиртдилер. Олар Шапаның агтыгы, Ахыкамың оглы Гедаля оны өйүне әкитмеги табшырдылар. Шейдип, Ермея өз халкының арасында галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 39:14
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Akbora, Şapan mürzä we öz hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi:


Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy.


Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Abdona, Şapan mürzä we patyşanyň hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi:


Olar Horepde öküziň heýkelini ýasap, guýma buta sežde etdiler.


Ýehoýakym patyşa Akboryň ogly Elnatany we onuň bilen birnäçe adamy Müsüre iberdi.


Emma Şapanyň ogly Ahykamyň Ýermeýany goraýandygy sebäpli, ol öldürilmäge halkyň eline berilmedi.


Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimi gabapdy. Ýermeýa pygamber Ýahuda patyşasynyň köşgündäki garawulhanada tussaglykda saklanýardy.


Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.


Şeýdip, Ýermeýany tanap bilen çekip, guýudan çykardylar. Ýermeýa garawulhanada galdy.


Ýermeýa Iýerusalimiň basylyp alnan gününe çenli garawulhanada galdy.


Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon, köşk emeldary Nebuşazban, baş geňeşçi Nergal Şareser we Babyl patyşasynyň ähli beýleki ýolbaşçylary


Garawulhanada tussaglykdaka, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Babyla sürgün edilen ähli Iýerusalim we Ýahuda ýesirleri bilen birlikde Ýermeýa hem zynjyr bilen baglanyp, Rama äkidildi. Ol ýerde janpenalaryň baştutany Nebuzaradon Ýermeýany tanap, ony boşatdy. Soňra Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


Ýermeýa entek jogap gaýtarmanka, ol ýene sözüni dowam etdi: «Babyl patyşasy tarapyndan Ýahuda şäherlerine häkim goýlan Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna git-de, onuň bilen bile halkyň arasynda ýaşaber ýa-da nirä gitmegi dogry hasaplasaň, şoňa-da git». Şeýlelikde, janpenalaryň baştutany oňa azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldy.


Onsoň Ýermeýa Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi. Mispa baryp, onuň bilen birlikde ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.


Söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri bilen olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigi we Babyla sürgün edilmedik garyp erkekleri, aýallary, çagalary oňa tabşyrandygy barada eşitdiler.


Ýedinji aýda patyşa neslinden we patyşanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna geldi. Ol ýerde bile iýip-içip otyrkalar,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ