Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 39:1 - Mukaddes Kitap

1 Iýerusalim basylyp alnanda, Ýermeýa heniz-de şol ýerdedi. Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynda Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny bilen Iýerusalimiň üstüne ýöriş edip, onuň daşyny gabady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Иерусалим басылып алнанда, Ермея хениз-де шол ердеди. Яхуда патышасы Сидкияның шалыгының докузынҗы йылының онунҗы айында Бабыл патышасы Небукаднесар әхли гошуны билен Иерусалимиң үстүне йөриш эдип, онуң дашыны габады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 39:1
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň onunjy ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy. Şol ýyl Nebukadnesaryň şalygynyň on sekizinji ýylydy.


Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi:


Men buýruk berip, babyllylary bu şähere gaýtaryp getirerin. Olar şähere garşy hüjüm edip, ony basyp alarlar we oda ýakarlar. Men Ýahuda şäherlerini ilatsyz harabaçylyga öwrerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.


Sidkiýa patyşa bolanda, ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimiň agaçlaryny kesiň, diwaryna çykmak üçin ýapgyt guruň. Bu şäher jezalandyrylmalydyr, munuň içinde zulumdan başga zat ýokdur.


Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip: «Şäher basylyp alyndy» diýdi.


Onsoň bir demir jam al-da, demir diwar bolar ýaly, ony özüň bilen şäheriň arasynda ýerleşdir; ýüzüňi oňa tarap öwür. Şäher gabawda bolar, ony özüň gabarsyň. Bu ysraýyl halky üçin bir alamat bolar.


Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýigrimi bäşinji ýylynyň birinji aýynyň onuna Iýerusalim şäheriniň ýykylmagynyň on dördünji ýyly, edil şol gün Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni şol ýere äkitdi.


Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, tutuş şäheriň töweregine gylyç bilen pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».


Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ