Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 38:4 - Mukaddes Kitap

4 Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мунуң үчин ёлбашчылар патыша шейле дийдилер: «Бу адам өлдүрилсин, себәби ол шейле сөзлери айдып, бу шәхерде аман галан уршуҗылар билен әхли халкы рухдан дүшүрйәр. Чүнки бу адам бу халка ягшылык дәл-де, яманлык ислейәр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 38:4
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň!


Emma halk Zekarýanyň garşysyna dil düwşüp, ony patyşanyň tabşyrygy bilen Rebbiň öýüniň howlusynda daşlap öldürdi.


Ine, siziň ýanyňyzdan gaýdan ýahudylaryň biziň ýanymyza Iýerusalime gelendigini size mälim edýäris. Olar bu pitneçi we pis şäheri täzeden gurup ýörler. Olar binýatlary bejerip, diwarlary bitirip gelýärler.


Çünki olaryň hemmesi bizi gorkuzmak isleýärdiler we: «Elleri işden sowap, iş togtar» diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçinem men işi dowam etmek üçin Hudaýdan güýç-kuwwat diledim.


Emma Müsüriň patyşasy olara: «Eý, Musa we Harun, näme üçin siz bu halkyň elini işden sowadýarsyňyz? Öz işiňiz bilen boluň.


Şonuň üçin hem seniň janyňyň kastyna çykyp: «Sen Rebbiň adyndan pygamberlik etmeli dälsiň, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýän anatot halky hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýändir.


Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň. Olaryň ýazygyny bagyşlama, günälerini nazaryňdan düşürme. Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar, olara garşy gazabyňda hereket et.


Onsoň ruhanylar, pygamberler ýolbaşçylar bilen ähli halka ýüzlenip: «Öz gulaklaryňyz bilen eşidişiňiz ýaly, ol adamy bu şähere garşy pygamberlik edendigi üçin, ölüm jezasyna höküm etmeli» diýdiler.


Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr“.


Sidkiýa patyşa gizlinlikde ant içip, Ýermeýa: «Bize bu jany beren diri Rebden ant içýärin, seni öldürmerin we janyňyň kastyna çykanlaryň eline seni bermerin» diýdi.


Eger ýolbaşçylar meniň seniň bilen gepleşendigimi eşidip, ýanyňa gelip: „Patyşa bilen araňyzda näme gürrüň bolan bolsa, hiç zady ýaşyrman bize aýdyp ber, ýogsam seniň ýoguňa ýanarys“ diýseler,


Babyllylar bizi öldürsinler ýa-da Babyla ýesir edip äkitsinler diýip, bizi olaryň eline tabşyrmak üçin Neriýanyň ogly Baruk seni biziň üstümize küşgürýär».


Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.


Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Olary häkimleriň öňüne getirip: «Bu adamlar şäherimizde başagaýlyk döredýärler. Özleri hem ýahudylar,


Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler.


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ