Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 38:2 - Mukaddes Kitap

2 «Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Реб шейле диййәр: „Бу шәхерде галан адам гылычдан, ачлыкдан ве мергиден өлер, эмма бабыллыларың тарапына гечен адам дири галар, өз җаныны гутарып аман галар“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 38:2
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin.


Reb şeýle diýýär: „Emma Ýahuda patyşasy Sidkiýany, onuň ýolbaşçylaryny, bu ýurtda Iýerusalimiň aman galanlary bilen Müsürde ýaşaýanlary edil ýaramsyz çüýrük injir ýaly ederin.


Emma Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, oňa gulluk eden milleti öz topragynda goýaryn. Olar topragy bejerip, ol ýerde ýaşarlar. Muny Reb aýdýandyr“».


Reb Babyl patyşasyna gulluk etmejek her bir milletiň öljekdigini aýtdy ahyryn. Näme, sen hem öz halkyň bilen gylyçdan, açlykdan, mergiden ölmekçimi?


Reb Dawudyň tagtynda oturan patyşa hakda, bu şäherde ýaşaýan ähli halk, ýagny siziň bilen sürgüne gitmedik doganlaryňyz hakda şeýle diýýändir“.


Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin.


Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Gul bolan öz garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy boşatmak barada siz Maňa gulak asmadyňyz. Indi Men-de sizi gylyç, mergi, açlyk belalaryndan goramakdan boş. Sizi dünýäniň ähli patyşalyklary üçin howpa döndererin. Muny Reb aýdýandyr.


Men seni hökman halas ederin. Sen gylyçdan ölmersiň, Maňa bil baglandygyň üçin, sen öz janyňy gutaryp aman galarsyň“. Muny Reb aýdýandyr».


Ornaşmak üçin Müsüre gitmegi karar eden her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Başlaryndan inderjek betbagtlygymdan hiç kim diri galmaz we hiç kim gaçyp gutulmaz“.


Indi bolsa bilip goýuň, gidip, ýaşajak bolýan ýeriňizde siz gylyçdan, açlykdan we mergiden ölersiňiz».


Müsür ýurdunda ýaşaýanlary-da Men gylyç, açlyk we mergi bilen Iýerusalimi jezalandyryşym ýaly jezalandyraryn.


Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eliňizi maňlaýyňyza, aýaklaryňyzy ýere uruň we şeýle diýiň: „Ysraýyl halkynyň eden ähli pis, nejis işleri üçin waý-u-dat! Olar gylyçdan, açlykdan we mergiden heläk bolarlar.


Daşarda gylyç, içerde mergi we açlyk bar; şäheriň daşyndakylar gylyçdan ölerler; içindäkiler açlykdan we mergiden heläk bolarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ