Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 38:13 - Mukaddes Kitap

13 Şeýdip, Ýermeýany tanap bilen çekip, guýudan çykardylar. Ýermeýa garawulhanada galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Шейдип, Ермеяны танап билен чекип, гуюдан чыкардылар. Ермея гаравулханада галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 38:13
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.


Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».


Uzaýyň ogly Palal diwar öwrüminiň garşysyny we garawulhana howlusynyň ýanyndaky ýokarky köşgüň diňini dikeltdi. Onuň gapdalynda Paroşyň ogly Pedaýa bilen Ofelde ýaşaýan ybadathana hyzmatkärleri gündogarda Suw derwezesiniň gabadyna we garawul diňine çenli aralykdaky diwar bölegini dikeltdiler.


Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir, hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr.


Onsoň ýolbaşçylar bilen ähli halk ruhanylara: «Bu adam bize Hudaýymyz Rebbiň adyndan gepländigi üçin, ol ölüme höküm edilmeli däldir» diýdiler.


Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimi gabapdy. Ýermeýa pygamber Ýahuda patyşasynyň köşgündäki garawulhanada tussaglykda saklanýardy.


Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.


Efiopiýaly Ebetmelek Ýermeýa: «Indi ýyrtyk eginbaşlar bilen esgileri goltugyňyň aşagyna goý-da, tanapy geçir» diýdi. Ýermeýa-da aýdylyşy ýaly etdi.


Ýermeýa Iýerusalimiň basylyp alnan gününe çenli garawulhanada galdy.


Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy.


Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň, ömrümi halas eden Sensiň.


«Seni aýyplaýjylar gelensoň diňlärin» diýdi. Soňra Pawlusyň Hirodyň köşgünde gözegçilik astynda saklanmalydygy barada buýruk berdi.


Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.


Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.


Pawlus kireýine alan jaýynda tutuş iki ýyl ýaşady we ýanyna gelenleriň hemmesini kabul etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ