«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin.
Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.
«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Git-de, Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýüzlenip, oňa Reb şeýle diýýär diý: ‘Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony oda ýakar.
Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».
Emma Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barmasaň, bu şäher babyllylaryň eline berler. Olar ony ýakarlar, sen-de olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň“».
Seniň ähli aýallaryň bilen ogullaryňy babyllylaryň eline bererler. Sen olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň, Babyl patyşasynyň eline düşersiň. Bu şäher bolsa oda ýakylar».