Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 37:7 - Mukaddes Kitap

7 «Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan faraonyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 «Менден медет сорамак үчин сизи Мениң яныма иберен Яхуда патышасына Ысрайыл Худайы Реб шейле диййәр дийиң: „Ине, сизе ярдам бермек үчин, Мүсүрден чыкан фараоның гошуны өз юрдуна Мүсүре доланар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 37:7
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ysraýyl Hudaýy Reb Özünden soramak üçin şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna onuň eşiden sözleri barada şeýle diýýär:


Müsür patyşasy öz ýurdundan çykmady, çünki Babyl patyşasy Müsür serhedinden Ýewfrat derýasyna çenli oňa degişli bolan ýerleriň baryny basyp alypdy.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym.


Ine, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin-de şeýledir.


Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge gidýärsiňiz Müsüre? Ýewfrat derýasyndan ganmaga gidýärsiňiz Aşura?


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


Reb ret etdi bil baglaýan halklaryňy, indi rowaçlyk gazanmarsyň olaň üsti bilen. Çykarsyň eliňi ýüzüňe tutup, ol ýerden hem“».


Patyşa Sidkiýa Malkyýanyň ogly Paşhur bilen Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny Ýermeýanyň ýanyna iberende, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy. Paşhur bilen Sepanýa oňa:


«Babyl patyşasy Nebukadnesaryň garşymyza uruşýandygy sebäpli biziň üçin Rebbe ýalbarsana. Belki, Reb biziň üçin Öz ajaýyp gudratlarynyň birini görkezip, Nebukadnesary ýurdumyzdan kowar» diýdi.


Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!»


Şol arada faraonyň goşuny Müsürden çykypdy. Iýerusalimiň daşyny gaban babyllylar olar hakdaky habary eşidip, Iýerusalimden çekilipdiler.


Şonda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar. Halky duşmanyň eline düşende, hiç kim oňa kömek etmedi. Ol ýer bilen ýegsan bolanda, duşmany üstünden güldi.


Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik.


Babyllylar köp janlary gyrmak üçin berkitmeler salyp, ýapgytlar guranlarynda, güýçli goşuny we uly ýygny bolsa-da, faraon oňa söweşde ýardam etmez.


Müsürliler indi hiç haçan ysraýyl halky üçin arkadaýanç bolmazlar. Gaýtam, Müsüriň betbagtlygy olara Müsüre dolanmak bilen eden günälerini ýatladar. Onsoň ysraýyllar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler».


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür patyşasy faraona garşydyryn. Men onuň iki elini hem: sagdyn elini-de, döwük elini-de syndyryp taşlaryn, elindäki gylyjyny gaçyraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ