Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 37:13 - Mukaddes Kitap

13 Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Ол Бенямин дервезесине етенде, Хананяның агтыгы, Шелемяның оглы Йирияй атлы баш гөзегчи Ермея пыгамбере: «Сен бабыллыларың тарапына гечҗек болярсың» дийип, оны туссаг этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 37:13
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Onsoň Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Rebbiň öýündäki ýokarky Benýamin derwezesinde aýaklaryna künde saldy.


Bu şäherde galan gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma daşary çykyp, özlerini gaban babyllylaryň eline düşen öz janyny gutaryp aman galar.


Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim.


Çünki Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb bu milletleriň hemmesi Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etsinler diýip, boýnuna demir boýuntyryk saldym, olar oňa gulluk ederler. Onuň ygtyýaryna hatda ýabany haýwanlary-da berdim“».


patyşanyň köşgündäki kätibiň otagyna gitdi. Ähli ýolbaşçylar, Elişama kätip, Şemagýanyň ogly Delaýa, Akboryň ogly Elnatan, Şapanyň ogly Gemarýa we Hananýanyň ogly Sidkiýa hem-de ähli köşk emeldarlary ol ýerde otyrdylar.


Mattanyň ogly Şepatýa, Paşhuryň ogly Gedalýa, Şelemýanyň ogly Ýehukal we Malkyýanyň ogly Paşhur Ýermeýanyň ähli halka aýdan bu sözlerini eşitdiler:


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


Patyşanyň efiopiýaly köşk emeldary Ebetmelek Ýermeýanyň guýa taşlananyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesinde otyrdy.


Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi.


Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez.


Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.


Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».


Olar maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler.


Şonda sinagoga agzalary birnäçe adamy ogrynça yryp, olara: «Bu adamyň Musa we Hudaýa garşy küpür gepländigini eşitdik diýip aýdyň» diýdiler.


Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de – biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ