Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 36:9 - Mukaddes Kitap

9 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň bäşinji ýylynyň dokuzynjy aýynda Iýerusalim bilen Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halk Rebbiň öýünde agyz beklemegi yglan etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Яхуда патышасы Ёшыяның оглы Ехоякымың шалыгының бәшинҗи йылының докузынҗы айында Иерусалим билен Яхуда шәхерлеринден гелен әхли халк Реббиң өйүнде агыз беклемеги ыглан этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 36:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi.


Ýedinji aýyň ýigrimi dördüne ysraýyl halky agyz beklemäge ýygnanyşdy. Olar jul geýnip, başlaryndan gum sowrupdy.


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Dokuzynjy aýdy, patyşa gyş köşgünde otyrdy. Öňündäki ojakda bolsa, ot ýanyp durdy.


Ýöne sen git-de, meniň dilimden ýazyp alan Rebbiň sözlerini agyz bekleme güni Rebbiň öýünde halka okap ber. Ony Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halka eşitdirip okap ber.


Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň! Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler, dat-perýat ediň! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.


Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.


«Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň.


Nineweliler Hudaýa ynandylar. Olar uludan-kiçä hemmelere agyz beklemegi yglan etdiler.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».


Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ