Onsoň men öýünden çykman oturan Meheýtabeliň agtygy, Delaýanyň ogly Şemagýanyň öýüne geldim. Ol maňa: «Gel, ikimiz Hudaýyň öýünde, içki otagda duşuşaly. Içki otagyň gapylarynam ýapaly, çünki olar seni öldürmäge gelerler. Olar hökman şu gije seni öldürmäge gelerler» diýdi.
Men satuw şertnamasyny daýymyň ogly Hanameliň, oňa gol çeken şaýatlaryň we garawulhanada oturan ähli ýahudalaryň gözleriniň alnynda Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Baruga berdim.
Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy.
Indi men seni elleriňi zynjyrdan boşadaýyn. Eger meniň bilen Babyla gitmek isleseň, ýör, gideli, men saňa göz-gulak bolaryn. Emma meniň bilen Babyla gitmek islemeseň, onda gal. Ine, öňüňde tutuş ýurt ýatyr! Nirä gitmek gözüňe hoş ýaksa we dogry bolsa, şoňa git».
Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.