Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 36:4 - Mukaddes Kitap

4 Onsoň Ýermeýa Neriýanyň ogly Barugy çagyrdy. Baruk hem Rebbiň Ýermeýa aýdan ähli sözlerini onuň dilinden bir kagyza ýazdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Онсоң Ермея Нерияның оглы Баругы чагырды. Барук хем Реббиң Ермея айдан әхли сөзлерини онуң дилинден бир кагыза язды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 36:4
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi git-de, muny ýasy daş bölegine ýaz, düýrlenen kagyza geçir. Bu geljekki günler üçin ebedi şaýat bolsun!


Reb maňa: «Bir uly tagta al-da, aýdyň görünýän harplar bilen onuň ýüzüne „Maher-şalal-haşbaz“ diýip ýaz.


Onuň garşysyna aýdan ähli sözlerimi, Ýermeýanyň ähli milletler barada eden pygamberligini, bu kitapda ýazylan zatlaryň baryny ol ýurduň başyna getirerin.


«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Saňa aýdan ähli sözlerimi bir kitaba ýaz.


Men satuw şertnamasyny daýymyň ogly Hanameliň, oňa gol çeken şaýatlaryň we garawulhanada oturan ähli ýahudalaryň gözleriniň alnynda Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Baruga berdim.


Onsoň ähli köşk emeldarlary: «Halka okalyp berlen golýazmany al-da, ýanymyza gel» diýip, Kuşynyň çowlugy, Şelemýanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ýegudyny Barugyň ýanyna ýolladylar. Neriýanyň ogly Baruk-da golýazmany alyp, olaryň ýanyna geldi.


Patyşa golýazmany getirmäge Ýegudyny iberdi. Ol hem ony kätip Elişamanyň otagyndan alyp geldi. Soňra Ýegudy ony patyşa we onuň huzuryndaky emeldarlara eşitdirip okady.


Ýegudy her parçany okanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen düýrlenen golýazmanyň şol bölegini kesip, ýanyp duran ojaga taşlaýardy, ol golýazmanyň hemmesini otda ýakyp bolýança, şeýle etdi.


Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.


Barugyň Ýermeýanyň dilinden ýazyp alan kagyzyny patyşa ýakanyndan soň, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


«Başga bir düýrlenen kagyz al-da, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan golýazmasyndaky sözleriň ählisini oňa ýaz.


Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy.


Ýöne sen git-de, meniň dilimden ýazyp alan Rebbiň sözlerini agyz bekleme güni Rebbiň öýünde halka okap ber. Ony Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halka eşitdirip okap ber.


Babyllylar bizi öldürsinler ýa-da Babyla ýesir edip äkitsinler diýip, bizi olaryň eline tabşyrmak üçin Neriýanyň ogly Baruk seni biziň üstümize küşgürýär».


Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Seraýa patyşanyň baş dolandyryjysydy. Ol Sidkiýa bilen bile Babyla barýarka, Ýermeýa pygamber oňa şu sözi tabşyrypdy.


Ýermeýa Babylyň başyna geljek ähli betbagtlyklary, Babyla degişli bu sözleriň baryny bir kagyza ýazdy.


Onsoň men özüme tarap uzalýan bir el gördüm; ol elde bir düýrlenen kagyz bardy.


Babyl patyşasy Belşasaryň şalygynyň birinji ýylynda Danyýel ýatyrka düýşünde görnüşler gördi. Soňra ol düýşüniň özenini ýazyp beýan etdi.


Onsoň seredip durkam, uçup ýören bir ýazgyly kagyza gözüm düşdi.


Bu haty kagyza ýazyp oturan men Tertiý Rebbe iman edýän doganyňyz hökmünde size salam ýollaýaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ