Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 35:2 - Mukaddes Kitap

2 «Rekabyň kowumlarynyň ýanyna gidip, olar bilen gepleş we olary Rebbiň öýüniň otaglarynyň birine getir-de, şerap içir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Рекабың ковумларының янына гидип, олар билен геплеш ве олары Реббиң өйүниң отагларының бирине гетир-де, шерап ичир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 35:2
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Tutuş öýe ýanaşdyrylyp salnan otaglaryň her gatynyň beýikligi bäş tirsekdi. Ol otaglar öýe kedr pürsleri bilen birikdirildi.


Ortaky gatyň gapysy Rebbiň öýüniň günorta tarapyndady; aýlawly basgançaklar bilen ortaky gata, ortaky gatdan üçünji gata çykyp bolýardy.


Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi.


Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe:


Şeýle hem ol göz öňünde tutan ähli işleriniň: Rebbiň öýüniň howlularynyň, onuň töwereginde bolmaly jaýlaryň, Hudaýyň öýüniň hazynalarynyň hem-de berlen sadakalardyr hazynalary,


Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar.


Lewileriň urugbaşylary bolan aýdymçylar ybadathananyň otaglarynda ýaşaýardylar. Olar başga hyzmatlardan azatdylar, sebäbi olar gije-gündiz hyzmatdadylar.


Altyn çüýleriň agramy bir ýarym gadak töweregidi. Süleýman ýokarky otaglary-da altyna gaplady.


Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar.


Bu zatlary Rebbiň öýüniň otaglarynda baş ruhanylaryň we lewileriň Iýerusalimdäki Ysraýyl urugbaşylaryna gowşurýançaňyz, olary berk gorap saklaň».


Onsoň men Habasynýanyň agtygy, Ýermeýanyň ogly Ýagazanýany, onuň doganlaryny, ogullaryny we Rekabyň ähli kowumlaryny alyp,


olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady.


Biz atamyz Rekabyň ogly Ýonadabyň özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik. Biziň özümiz-de, aýallarymyz-da, ogul-gyzlarymyz-da hiç wagt şerap içmedik.


Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ