Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 34:9 - Mukaddes Kitap

9 Bu ähte görä her kim öz ýewreý guluny we gyrnagyny azat etmelidi, olaryň hiç biri başga bir ýahudylyny gul etmeli däldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Бу әхте гөрә хер ким өз еврей гулуны ве гырнагыны азат этмелиди, оларың хич бири башга бир яхудылыны гул этмели дәлди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 34:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.


Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».


Faraonyň gyzy sebedi açyp görse, ine, onuň içinde bir çaga aglap ýatyr. Onuň çaga ýüregi gyýlyp: «Bu ýewreý çagalarynyň biridir» diýýär.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“».


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


«Ol gün şeýle bolar, Men seniň boýnuňdaky boýuntyrygyňy döwerin, tanaplaryňy gyraryn. Indi kesekiler seni özlerine gul etmezler. Muňa derek sen öz Hudaýyň Rebbe we Onuň Dawudyň neslinden tagtda oturtjak patyşalaryna hyzmat edersiň». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ähli ýolbaşçylar bilen tutuş halk bu ähte gulak asdylar. Her kim öz guluny we gyrnagyny azat etmek, mundan beýläk olary gul etmezlik ähti boýunça hereket etdiler. Olar muňa boýun bolup, olary azatlyga goýberdiler.


Siz bolsa adalatsyzlyk edýärsiňiz, aldaýarsyňyz. Özem kimi? Öz doganlaryňyzy!


Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin!


Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz.


Men dünýä inenimden sekizlenji günde sünnet edilendirin. Men ysraýyl halkynyň benýamin tiresinden bolup, ýewreýleriň ýewreýidirin. Ýahudylaryň Kanunyny berjaý etmek babatda hem fariseýdirin.


Şeýdip, olaryň ikisi-de piliştlilere göründiler. Piliştliler olary görüp: «Serediň! Ýewreýler gizlenen garymlaryndan çykyp başladylar» diýip seslendiler.


Piliştliler bu gykylygy eşidip: «Ýewreýleriň düşelgesindäki bu gykylyk nämäniň alamatyka?» diýşip geňirgenişdiler. Ysraýyllaryň düşelgesine Rebbiň sandygynyň getirilendigini bilenlerinde bolsa, olar gorkup, şeýle diýdiler: «Olaryň düşelgesine hudaýlar gelipdir. Dat biziň günümize! Bu öň görlüp-eşidilen zat däl ahyryn.


Eý, piliştliler, ýewreýleriň öz gapyňyzda gul boluşlary ýaly, siziň hem olaryň gapysynda gul bolasyňyz gelmeýän bolsa, gaýrata galyň, mert boluň! Olar bilen mert durup söweşiň!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ