Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 34:7 - Mukaddes Kitap

7 Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimiň garşysyna we Ýahudanyň entek ele salynmadyk galalarynyň: Lakyşyň we Azekanyň garşysyna urşup ýördi. Ýahudanyň berk galalaryndan diňe şular galypdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шол вагт Бабыл патышасының гошуны Иерусалимиң гаршысына ве Яхуданың энтек эле салынмадык галаларының: Лакышың ве Азеканың гаршысына уршуп йөрди. Яхуданың берк галаларындан диңе шулар галыпды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 34:7
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler.


Baş wezir Aşur patyşasynyň Lakyşdan gaýdandygyny eşidip, yzyna dolandy. Ol patyşanyň Libna galasyna garşy urşup ýörendigini gördi.


Bulardan daşary-da, Ýotam Ýahuda daglarynda şäherler gurdy we tokaýlyklarda galalar we diňler saldy.


Aşur patyşasy baş wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Ol gelip, Çyrpyjy meýdanynyň ýolundaky ýokarky howdanyň ýanyndaky ýabyň ýanynda durdy.


Onsoň Iýerusalimiň we Ýahuda şäherleriniň ilaty gidip, özleriniň sadaka beren hudaýlaryna dady-perýat ederler, emma betbagtlyk gelende, bu hudaýlar olary asla halas etmez.


Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi:


Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“.


Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.


Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty araba goş. Sen Sion gyzynyň günäsiniň gözbaşysyň, çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.


Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar.


Iýerusalimiň hany Adonysedek şonuň üçin Hebronyň hany Hohama, Ýarmudyň hany Pirama, Lakyşyň hany Ýapyýa, Eglonyň hany Debire şeýle habar gönderdi:


Soňra amorlaryň bäş sany hany: Iýerusalimiň hany, Hebronyň hany, Ýarmudyň hany, Lakyşyň hany we Eglonyň hany özleriniň ähli goşun toparlary bilen bilelikde bir ýere ýygnanyşdylar. Olar Gibgonyň daşyny gabap, olaryň üstüne çozdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ