Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 34:3 - Mukaddes Kitap

3 Sen, Sidkiýa, onuň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, adamlar seni tutup, onuň eline tabşyrarlar. Babyl patyşasyny öz gözleriň bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşersiň. Soňra Babyla äkidilersiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Сен, Сидкия, онуң элинден гачып гутулып билмерсиң, адамлар сени тутуп, онуң элине табшырарлар. Бабыл патышасыны өз гөзлериң билен гөрүп, онуң билен йүзбе-йүз геплешерсиң. Соңра Бабыла әкидилерсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 34:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


„Olar Babyla äkidiler, olara gaýtadan nazar saljak günüme çenli, şol ýerde galar. Onsoň Men olary çykaryp, bu ýere gaýtaryp getirerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: „Men bu şäheri babyllylaryň we Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline bererin, ol ony basyp alar.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa ony tussag edip, şeýle diýdi: «Sen näme üçin beýle pygamberlik etdiň? Sen Reb şulary aýdýar diýdiň: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony basyp alar.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa babyllylaryň elinden gaçyp gutulyp bilmez, gaýtam, ol Babyl patyşasynyň eline tabşyrylar we ony öz gözleri bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşer.


Ýahuda patyşasy Sidkiýany öz emeldarlary bilen birlikde janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline, sizden häzirlikçe yza çekilen Babyl patyşasynyň goşunynyň eline bererin.


Ýöne, eý, Ýahuda patyşasy Sidkiýa, Rebbiň sözüni eşit! Reb seniň gylyçdan ölmejikdigiňi aýdýar.


Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi.


Emma Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barmasaň, bu şäher babyllylaryň eline berler. Olar ony ýakarlar, sen-de olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň“».


Seniň ähli aýallaryň bilen ogullaryňy babyllylaryň eline bererler. Sen olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň, Babyl patyşasynyň eline düşersiň. Bu şäher bolsa oda ýakylar».


Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.


Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy?


Içen antyna biperwaý garandygy, eden ähtini bozandygy üçin Öz barlygymdan ant içýärin: ol özüni patyşa edip, tagtda oturdan patyşanyň mekany bolan Babylda öler. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ