Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 34:1 - Mukaddes Kitap

1 Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бабыл патышасы Небукаднесар әхли гошуны, өз голастында болан бүтин дүнйәдәки патышалыклар ве халклар болуп, Иерусалим билен онуң шәхерлериниң гаршысына уршуп йөркәлер, Ермея Ребден шу сөз гелди:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 34:1
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, Men demirgazykdaky ähli milletleri çagyrýaryn, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olaryň patyşalarynyň ählisi gelip, özleriniň tagtyny Iýerusalim derwezeleriniň girelgesinde, onuň daş-töweregindäki diwarlarynyň we Ýahudanyň ähli şäherleriniň garşysynda gurarlar.


«Babyl patyşasy Nebukadnesaryň garşymyza uruşýandygy sebäpli biziň üçin Rebbe ýalbarsana. Belki, Reb biziň üçin Öz ajaýyp gudratlarynyň birini görkezip, Nebukadnesary ýurdumyzdan kowar» diýdi.


Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň onunjy ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy. Şol ýyl Nebukadnesaryň şalygynyň on sekizinji ýylydy.


Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimi gabapdy. Ýermeýa pygamber Ýahuda patyşasynyň köşgündäki garawulhanada tussaglykda saklanýardy.


Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimiň garşysyna we Ýahudanyň entek ele salynmadyk galalarynyň: Lakyşyň we Azekanyň garşysyna urşup ýördi. Ýahudanyň berk galalaryndan diňe şular galypdy.


Men Nebukadnesar öýümde rahat, köşgümde şady-horramlykda ýaşaýardym.


Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar.


Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ