Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 33:9 - Mukaddes Kitap

9 Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Дүнйәдәки хемме миллетлер олара этҗек әхли ягшылыкларымы эшидерлер. Бу шәхер оларың өңүнде Мениң үчин ат-абрай, шатлык, өвги хем шөхрат болар. Әхли миллетлер Иерусалимиң халкына эден ягшылыкларым ве эчилен парахатлыгым себәпли горкуп титрешерлер“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 33:9
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň Ysraýylyň duşmanlarynyň garşysyna eden söweşi barada eşidenlerinde, ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy indi.


Biziň duşmanlarymyzyň we töweregimizdäki milletleriň ählisi muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.


Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudylar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudylardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudylara goşuldylar.


Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.


Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.


Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.


Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler.


Sionyň dogrulygy nur kimin, halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança, Sionyň hatyrasyna, Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.


Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.


Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.


Iýerusalimi berkidip, ony ýer ýüzüniň şöhraty edýänçä, oňa ynjalyk bermäň.


Alawyň çalyny ýandyryşy dek, suwy gaýnadyşy dek oduň adyňy duşmanlaryňa tanatdyrýaň, milletler öňüňde lerzana gelerler.


Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn. Olaryň Maňa at-abraý, öwgi we şöhrat getirjek Öz halkym bolmagyny isledim, emma olar gulak asmadylar. Muny Reb aýdýandyr“.


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn.


onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».


Ýermeýa pygamber sürgündäkileriň arasynda aman galan ýaşululara, ruhanylara, pygamberlere we Nebukadnesaryň Iýerusalimden Babyla äkiden ähli halkyna Iýerusalimden bir hat ýollady.


Şol döwür Iýerusalim Rebbiň tagty diýlip atlandyrylar we ähli milletler şol ýerde, Iýerusalimde Rebbiň huzuryna üýşerler. Mundan beýläk olar kesirlik bilen ýaman niýetlerine kowalaşmazlar.


Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.


Ruhanylary doýraryn bol iýmitden, halkym hem doýar näz-nygmatdan». Muny Reb aýdýandyr.


Men seni ýene dikelderin, sen täzeden dikelersiň, eý, Ysraýyl boý gyzy! Sen ýene deprekleriňi alyp, şadyýan tans edýänlere goşularsyň.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Bu halkyň başyna şu elhenç betbagtlygy nähili getiren bolsam, olara häzirki söz beren ähli ýagşylyklarymy-da şeýle getirerin.


Reb şuny aýdýandyr: „Meniň ysraýyl bilen ýahuda halky hakynda beren merhemetli sözümi ýerine ýetirjek günlerim geler.


Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz.


„Wah, neçün şatlygymyň mekany bolan bu şöhratly şäher abat galmady?!“


seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde gadymy halkyň ýanyna indererin. Ilatsyz bolar ýaly, seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýinde, gadymdan bäri harabaçylyga öwrülen ýerlerde ornaşdyraryn; sen gaýdyp ilatly bolmarsyň ýa-da dirileriň ýaşaýan ýurduny eýelemersiň.


Şonda olar şeýle diýerler: „Beý-bä! Ozal çolaryp galan ýurt Erem bagy ýaly bolupdyr-ow! Haraba bolup, weýran edilen gala dikeldilip, ilatly ýere öwrülipdir!“ diýerler.


Ýurduň halky olary gömer. Meniň şöhratlanan günüm bu ysraýyl halky üçin at-abraý bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».


«Men Iýerusalimi daş-töweregindäki halklar üçin başyňy aýlaýan şeraply bir käse ederin. Iýerusalim gabawa düşende, bu käseden Ýahuda-da içer.


Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyzyň mülk ýerine elter. Siz ol ýeri eýelärsiňiz. Ol ata-babalaryňyza garanda, size has köp bereket berip, sanyňyzy has-da artdyrar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ