Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 33:8 - Mukaddes Kitap

8 Olary Maňa garşy eden ähli günälerinden saplaryn; Maňa garşy eden ähli günälerini, bar eden etmişlerini bagyşlaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Олары Маңа гаршы эден әхли гүнәлеринден сапларын; Маңа гаршы эден әхли гүнәлерини, бар эден этмишлерини багышларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 33:8
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýa diýiň: «Eý, Hudaý, işleriň neneň haýbatly! Kuwwatyňyň beýikliginden ýaňa duşmanlaryň Saňa boýun bolýarlar.


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».


mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar».


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Sion gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy, Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez, emma seniň etmişiňiň jezasyn berip, günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sizi ähli etmişleriňizden tämizlän günüm galalary ilatly ederin, weýran bolup ýatan harabalary abatlaryn.


Men alaryn ganlarynyň hununy hem-de aklamaryn günäni, çünki Reb Sionda mesgen tutýandyr».


Çünki şol gün siz günäleriňizden tämizlenersiňiz. Reb sizi ähli günäleriňizden tämizlär.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ