Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 33:5 - Mukaddes Kitap

5 „Esgerler babyllylar bilen söweşmäge çykarlar, emma olar öýleri gahar-gazabymda heläk eden ynsanlarymyň jesetlerinden doldurarlar. Şol ynsanlaryň eden ähli erbetlikleri üçin, Men bu şäherden ýüzümi gizledim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 „Эсгерлер бабыллылар билен сөвешмәге чыкарлар, эмма олар өйлери гахар-газабымда хеләк эден ынсанларымың җесетлеринден долдурарлар. Шол ынсанларың эден әхли эрбетликлери үчин, Мен бу шәхерден йүзүми гизледим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 33:5
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň adyňy tutýan, Saňa daýanjak bolup, oýanýan ýok; Sen ýüzüňi gizlediň bizden, bizi ýazyklarymyzyň ygtyýaryna berdiň.


Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.


Olary duşmanlarynyň öňünde gündogar şemaly kimin pytradaryn. Başlaryndan betbagtlyk inen güni ýüzümi däl-de, ýeňsämi görkezerin“».


Men bu şähere ýagşylyk däl-de, betbagtlyk indermek kararyna geldim. Muny Reb aýdýandyr. Bu Babyl patyşasynyň eline berler we ol hem muny oda ýakar“.


Ol Sidkiýany Babyla äkider. Men Sidkiýa bilen Özüm hasaplaşýançam, ol şol ýerde bolar. Babyllylaryň garşysyna söweşseňiz hem ýeňiş gazanmarsyňyz“. Muny Reb aýdýandyr».


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.


Taňry gurbanlyk sypasyny taşlady, mukaddes öýüni terk etdi. Köşkleriniň diwarlaryny duşmanyň eline berdi. Rebbiň öýündäki duşmanyň gykylygy baýramçylyk gündäki owaza meňzedi.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler.


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


Olaryň başga hudaýlara tarap öwrülip, eden ähli erbetlikleri üçin, şol gün Men olardan hökman ýüz öwrerin.


Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, biwepa perzentlerdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ