Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 33:3 - Mukaddes Kitap

3 „Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 „Мени чагыр, саңа җогап берейин, сениң билмейән бейик хем пынхан затларыңың сырыны айдайын“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 33:3
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Meniň Rebdigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin.


Indi eşidenleriňiziň ählisini görüň; olary yglan etjek dälmisiňiz? Indiden beýläk size täze zatlary, siziň bilmeýän, gizlin zatlaryňyzy aýdaryn.


Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.


Siz öz araňyzda biri-biriňizden: „Reb näme jogap berdi? Reb näme diýdi?“ diýip soramalysyňyz.


Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin.


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


«Ine, bütin adamzadyň Hudaýy Reb Mendirin. Meniň üçin kyn zat barmy?


Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.


Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.


Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar».


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Bize ajaýyp zatlar görkez Müsürden çykaran döwrüňdäki deý.


Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi: «Men size tymsal aýdyp bereýin, dünýä ýaradylaly bäri gizlin galan syrlary beýan edeýin».


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar“.


Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!


Bizde işleýän gudratyna görä, Hudaý her bir haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandyr.


Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz.


Haçan çagyrsak, Hudaýymyz Reb ýanymyzda. Şeýle Hudaýly beýik millet nirede bar?


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ