Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 33:2 - Mukaddes Kitap

2 «Ýeri ýaradan, oňa şekil berip, berkarar eden, ady Reb Bolan şeýle diýýär:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Ери ярадан, оңа шекил берип, беркарар эден, ады Реб Болан шейле диййәр:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 33:2
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar; öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.


Men gabra inip barýanlardan saýyldym, bir mejalsyz adam dek boldum.


Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym.


Milletiň çaparlaryna näme jogap berler? Reb Siony bina etdi, Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.


Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwüp ýördüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.


Men Rebdirin. Bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin.


Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.


Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.


Iýerusalimi berkidip, ony ýer ýüzüniň şöhraty edýänçä, oňa ynjalyk bermäň.


Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


«Şonuň üçin hem, Men-Reb bu gezek olara güýjümi we gudratymy hökman görkezerin. Şonda olar Meniň adymyň Rebdigini bilerler».


Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir.


Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan, tüm garaňkylygy daň sähere öwren, gündizi gijä öwren, deňiz suwlaryny çagyryp, olary ýer ýüzüne döken Oldur. Onuň ady Rebdir.


Ýokarky otagyny gökde bina edýän, gümmezini ýeriň ýokarsynda gurýan, deňziň suwlaryny bir ýere ýygnap, suwlary ýer ýüzüne dökýän Oldur. Onuň ady Rebdir.


Çünki Ybraýym Hudaý tarapyndan bina edilýän we gurulýan berk binýatly şähere garaşýardy.


Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.


Perişde meni Mukaddes Ruh arkaly bir uly, beýik daga çykardy. Ol ýerden maňa gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýän mukaddes şäheri – Iýerusalimi görkezdi.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ