Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 33:12 - Mukaddes Kitap

12 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ynsansyz we haýwansyz haraba bolup galan bu ýerde, onuň ähli şäherlerinde ýene çopanlaryň öz sürülerini bakjak ýaýlalary bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Хөкмүрован Реб шейле диййәр: „Ынсансыз ве хайвансыз хараба болуп галан бу ерде, онуң әхли шәхерлеринде ене чопанларың өз сүрүлерини бакҗак яйлалары болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 33:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.


Meni agtaran halkym üçin Şaron sürülere öri, Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar».


Ýahuda şäherlerinden, Iýerusalimiň etraplaryndan, benýamin topragyndan, günbatar baýyrlykdan, daglykdan we Negepden adamlar gelerler. Olar Rebbiň öýüne ýakma gurbanlyklary bilen beýleki gurbanlyklary, galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgi bilen şükür sadakasyny getirerler.


Olar gelip, Sionyň belent depesinde aýdym aýdarlar, Rebbiň beren bereketlerine: bugdaýa, şeraba, ýaga, owlak-guza we gölelere begenip, göwnühoş bolarlar. Olar suwarylan bag kimin bolarlar, asla solmazlar.


Daýhanlar bilen sürülerini bakýan çopanlar Ýahudada we onuň şäherlerinde bile ýaşarlar.


Çünki Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb: „Bu ýurtda ýene öýler, ekin meýdanlary we üzüm baglary satyn alnar“ diýýär».


Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma bolsa, Reb şeýle diýýär diý: „Sen golýazmany ýakdyň. Babyl patyşasynyň gelip, bu ýurdy weýran etjekdigi, ondan ynsany-da, haýwany-da ýok edip taşlajakdygy hakynda näme üçin bu kagyzda ýazdyň diýip, Ýermeýadan soradyň?“.


Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.


Onsoň şeýle diý: „Ýa Reb, bu ýeri ýok etjekdigiňi, onda ynsan-da, haýwan-da ýaşamajakdygyny, ýurduň ebedilik harabaçylyga öwrüljekdigini Özüň aýtdyň“.


Şonda olar şeýle diýerler: „Beý-bä! Ozal çolaryp galan ýurt Erem bagy ýaly bolupdyr-ow! Haraba bolup, weýran edilen gala dikeldilip, ilatly ýere öwrülipdir!“ diýerler.


«Bu öý haraba bolup ýatyrka, özüňiziň kaşaň jaýlarda ýaşamagyňyzyň wagtymy?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ