Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:8 - Mukaddes Kitap

8 Şeýlelikde, Rebbiň sözüne görä daýymyň ogly Hanamel garawulhana, meniň ýanyma gelip: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatot obasyndaky meniň ekin meýdanymy satyn alsana, sebäbi miras hukugy boýunça ony satyn almaga sen borçlusyň. Ony özüň üçin satyn al» diýdi. Şonda men bu sözüň Rebbiňkidigini bildim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Шейлеликде, Реббиң сөзүне гөрә дайымың оглы Ханамел гаравулхана, мениң яныма гелип: «Бенямин топрагында ерлешйән Анатот обасындакы мениң экин мейданымы сатын алсана, себәби мирас хукугы боюнча оны сатын алмага сен борчлусың. Оны өзүң үчин сатын ал» дийди. Шонда мен бу сөзүң Реббиңкидигини билдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:8
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Abýatar ruhana şeýle diýdi: «Bar, öz Anatotdaky ýeriňe git, çünki sen ýaşamaga mynasyp dälsiň. Emma men seni şu wagt öldürjek däl, çünki sen kakam Dawudyň öňünde Hökmürowan Rebbiň sandygyny göterdiň, sen kakamyň ähli muşakgatlyklaryny deň çekişdiň».


Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.


Benýamin tiresiniň topragyndan hem öri meýdanlary bilen bilelikde Geba, öri meýdanlary bilen bilelikde Alemet hem-de öri meýdanlary bilen bilelikde Anatot berildi. Olaryň ähli galalary nesilleriniň sanyna görä on üçdür.


Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir.


Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimi gabapdy. Ýermeýa pygamber Ýahuda patyşasynyň köşgündäki garawulhanada tussaglykda saklanýardy.


Ýa Hökmürowan Reb! Şäher babyllylaryň eline berilse-de, Sen maňa: „Şaýatlaryň gatnaşmagynda ekin meýdanyny kümüş berip, özüňe satyn al“ diýdiň».


«Daýyň Şallumyň ogly Hanamel gelip, saňa şeýle diýer: „Meniň Anatotdaky ekin meýdanymy satyn al, sebäbi iň ýakyn garyndaşym bolanyň üçin, ony satyn almaga sen borçlusyň“».


Ýermeýa garawulhanada henizem tussaglykda saklanýarka, oňa ikinji gezek Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Ýermeýa benýamin topragyna baryp, halkyň arasynda öz paýyna düşen mülküni almak üçin Iýerusalimden gitmek isledi.


Men hem özüme buýrulyşy ýaly etdim. Goşumy sürgüne gidýäniň goşy kimin ilki gündiz çykardym. Agşam diwary elim bilen oýup, goşumy garaňkyda çykardym, olaryň gözleriniň alnynda ony gerşimde göterdim.


Hut şol günüň özünde äht bozuldy. Jebir çeken goýunlar – olar maňa seredip durdular – munuň Rebbiň sözüdigine göz ýetirdiler.


Onsoň munuň Isanyň «Ogluň ýaşar» diýen sagadynda bolandygyna atasy göz ýetirdi. Şeýdip ol öý-içersi bilen birlikde Oňa iman etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ