Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:7 - Mukaddes Kitap

7 «Daýyň Şallumyň ogly Hanamel gelip, saňa şeýle diýer: „Meniň Anatotdaky ekin meýdanymy satyn al, sebäbi iň ýakyn garyndaşym bolanyň üçin, ony satyn almaga sen borçlusyň“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 «Дайың Шаллумың оглы Ханамел гелип, саңа шейле диер: „Мениң Анатотдакы экин мейданымы сатын ал, себәби иң якын гарындашым боланың үчин, оны сатын алмага сен борчлусың“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:7
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Reb Ahyýa: «Ýarobgamyň aýaly syrkaw ogly hakda soramaga geler» diýdi. Reb Ahyýa Ýarobgamyň aýalyna näme jogap bermelidigini aýtdy. Ol gelende, nätanyş aýal bolup geldi.


Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir.


Şonuň üçin hem seniň janyňyň kastyna çykyp: «Sen Rebbiň adyndan pygamberlik etmeli dälsiň, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýän anatot halky hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýändir.


Ýermeýa özüne Rebbiň şu sözüniň gelendigini aýtdy:


Şeýlelikde, Rebbiň sözüne görä daýymyň ogly Hanamel garawulhana, meniň ýanyma gelip: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatot obasyndaky meniň ekin meýdanymy satyn alsana, sebäbi miras hukugy boýunça ony satyn almaga sen borçlusyň. Ony özüň üçin satyn al» diýdi. Şonda men bu sözüň Rebbiňkidigini bildim.


Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz.


Eýeleýän ähli ýeriňizde siz ony gaýtadan satyn almaga mümkinçilik dörediň.


Eger öz garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, onda onuň hossary gelip, onuň satan ýerini yzyna satyn alsyn.


Emma olaryň galalarynyň töweregindäki açyk meýdanlar satylmaly däldir, çünki bu olaryň ebedilik mülküdir.


Agasy ýa-da doganoglany, ýa-da öz kowmyndan bolan mährem garyndaşlarynyň biri ony yzyna satyn alyp biler. Eger satylanyň özi baýasa, onda onuň özi özüni yzyna satyn alyp biler.


«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ