Soňra ol: «Şa hezretleri näme sebäpden gulunyň ýanyna geldikä?» diýdi. Dawut: «Rebbe gurbanlyk sypasyny gurmak üçin, seniň harman ýeriňi satyn almaga geldim. Şeýdip, halkyň başyna düşen betbagtçylyk sowlar» diýdi.
Ol Sidkiýany Babyla äkider. Men Sidkiýa bilen Özüm hasaplaşýançam, ol şol ýerde bolar. Babyllylaryň garşysyna söweşseňiz hem ýeňiş gazanmarsyňyz“. Muny Reb aýdýandyr».
«Daýyň Şallumyň ogly Hanamel gelip, saňa şeýle diýer: „Meniň Anatotdaky ekin meýdanymy satyn al, sebäbi iň ýakyn garyndaşym bolanyň üçin, ony satyn almaga sen borçlusyň“».