Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:5 - Mukaddes Kitap

5 Ol Sidkiýany Babyla äkider. Men Sidkiýa bilen Özüm hasaplaşýançam, ol şol ýerde bolar. Babyllylaryň garşysyna söweşseňiz hem ýeňiş gazanmarsyňyz“. Muny Reb aýdýandyr».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ол Сидкияны Бабыла әкидер. Мен Сидкия билен Өзүм хасаплашянчам, ол шол ерде болар. Бабыллыларың гаршысына сөвешсеңиз хем еңиш газанмарсыңыз“. Муны Реб айдяндыр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».


Onsoň Ýehoýada ruhanynyň ogly Zekarýanyň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Zekarýa halkyň öňünde dik durup, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Näme üçin Rebbiň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz? Siziň işiňiz rowaç almaz. Rebbi terk edendigiňiz üçin, Ol hem sizi terk etdi“».


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Reb ret etdi bil baglaýan halklaryňy, indi rowaçlyk gazanmarsyň olaň üsti bilen. Çykarsyň eliňi ýüzüňe tutup, ol ýerden hem“».


„Olar Babyla äkidiler, olara gaýtadan nazar saljak günüme çenli, şol ýerde galar. Onsoň Men olary çykaryp, bu ýere gaýtaryp getirerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


Ýermeýa özüne Rebbiň şu sözüniň gelendigini aýtdy:


„Esgerler babyllylar bilen söweşmäge çykarlar, emma olar öýleri gahar-gazabymda heläk eden ynsanlarymyň jesetlerinden doldurarlar. Şol ynsanlaryň eden ähli erbetlikleri üçin, Men bu şäherden ýüzümi gizledim.


Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».


Ýahuda patyşasy Sidkiýa we onuň ähli esgerleri diýerler görenlerinde, gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler.


Emma babyllylaryň goşuny olaryň yzyndan kowdy we Ýeriho düzlüginde yzlaryndan ýetip, Sidkiýany tutdy. Onsoň babyllylar ony tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasynda bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna getirdiler, ol hem Sidkiýa barada höküm çykardy.


Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy, ony zynjyr bilen daňyp, Babyla alyp gitdi.


Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi.


Aralaryndaky hökümdar goşlaryny gerşinde göterip, garaňkyda daşary çykarar. Ony çykarmak üçin diwary oýar, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüni bürär.


Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.


Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy?


Emma Musa olara şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň buýrugyna garşy gitmegiňizi dowam edýärsiňiz? Onyňyz başa barmaz!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ