Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:41 - Mukaddes Kitap

41 Men olara ýagşylyk etmekden şatlanaryn we hakykatdan hem tutuş janym-tenim bilen olary bu ýurtda ornaşdyraryn“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

41 Мен олара ягшылык этмекден шатланарын ве хакыкатдан хем тутуш җаным-теним билен олары бу юртда орнашдырарын“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:41
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.


Ýigidiň gyza öýlenişi dek, ogullaryň-da saňa eýe çykarlar, giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek, Hudaý-da seniň üçin şatlanar.


Iýerusalim üçin şatlanaryn, halkym üçin begenerin. Indi ne agy sesi ne-de ahy-nala eşidiler ol ýerde.


Aýdaly, Men bir milleti ýa-da patyşalygy berkarar edip, bina etmek hakynda jar eden bolsam,


Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn.


Men olary sogrup taşlamagyň we ýykmagyň, ýer bilen ýegsan edip, ýok etmegiň, üstlerinden betbagtlyk indermegiň çemini nähili aňtan bolsam, gurup, bina etmegi hem şonça aňtaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň töweregiňizde galan milletler ýykylany dikeldýäniň, çola ýerleri ekinzarlyga öwürýäniň Men-Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýtdym we hökman ýerine ýetirerin».


«Olaryň biwepalygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin. Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».


Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz.


Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, şu Kanun kitabynda ýazylan Onuň tabşyryklarydyr parzlaryny berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Rebbe tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen dolansaňyz, Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, ogul-gyzyňyz köp bolar, mal-garalaryňyzyň sany artyp, ýeriňiziň hasyly bol bolar. Çünki Reb ata-babalaryňyza ýagşylyk edeninde lezzet alşy ýaly, size ýagşylyk edeninde hem lezzet alar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ