Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:40 - Mukaddes Kitap

40 Ýagşylyk etmekden ýüz döndermejekdigime olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Menden hiç ýüz öwrüp gitmezlikleri üçin, ýüreklerine Menden gorkmagy salaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40 Ягшылык этмекден йүз дөндермеҗекдигиме олар билен эбеди әхт баглашарын. Менден хич йүз өврүп гитмезликлери үчин, йүреклерине Менден горкмагы саларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:40
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

daň şapagy ýalydyr, aýdyň asmanda dogan Gün ýaly, otlaryň ýagyşdan soňky ýalkymydyr“.


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


«Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.


Olaryň ýüreklerine Meni tanamak islegini salaryn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Olar ýüzlerini Siona tarap öwrüp, oňa gidýän ýoly sorarlar. „Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly Reb bilen birleşeliň“ diýerler.


Size täze ýürek bererin, içiňize täze ruh salaryn. Daşdan bolan ýüregi göwräňizden çykaryp, size etden bolan ýürek bererin.


Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz.


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, bu baky äht bolar. Olary ornaşdyryp, köpelderin we mukaddes öýümi ebedilik olaryň ortasynda berkarar ederin.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris.


Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez».


Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!»


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.


Emma Isanyň baky ýaşaýandygy üçin, Onuň ruhanylygy soňsuzdyr.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ