Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýahuda patyşasy Sidkiýa babyllylaryň elinden gaçyp gutulyp bilmez, gaýtam, ol Babyl patyşasynyň eline tabşyrylar we ony öz gözleri bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Яхуда патышасы Сидкия бабыллыларың элинден гачып гутулып билмез, гайтам, ол Бабыл патышасының элине табшырылар ве оны өз гөзлери билен гөрүп, онуң билен йүзбе-йүз геплешер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:4
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Çopanlar gaçyp bilmezler, süri baştutanlary gutulyp bilmezler.


Ýahuda patyşasy Sidkiýany öz emeldarlary bilen birlikde janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline, sizden häzirlikçe yza çekilen Babyl patyşasynyň goşunynyň eline bererin.


Sen, Sidkiýa, onuň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, adamlar seni tutup, onuň eline tabşyrarlar. Babyl patyşasyny öz gözleriň bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşersiň. Soňra Babyla äkidilersiň.


Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi.


Emma Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barmasaň, bu şäher babyllylaryň eline berler. Olar ony ýakarlar, sen-de olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň“».


Seniň ähli aýallaryň bilen ogullaryňy babyllylaryň eline bererler. Sen olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň, Babyl patyşasynyň eline düşersiň. Bu şäher bolsa oda ýakylar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ